ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy. Bu hem Nvidia-nyň paýnamalarynyň 5,63% ýokarlanmagyna getirdi, onuň kapitalizasiýasy bolsa 3 trln dollardan geçdi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Jensen Huangyň baýlygy bolsa 120 mlrd dollara ýetdi. Geçen ýyl ol 80 mlrd dollar diýlip hasaplanypdy. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, Nvidia Saud Arabystanyna ýüz müňlerçe EA çiplerini iberer. 18 000 Blackwell tizleşdirijilerinden ybarat toplum Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy tarapyndan goldanýan Humain startapy üçin niýetlenýär. AMD hem Humain bilen 10 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy. Qualcomm Humain bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýöriteleşdirilen serwer prosessoryny döreder. Saud Arabystanyndan DataVolt kompaniýasy ABŞ-nyň maglumat merkezlerine we energetika 20 mlrd dollara çenli maýa goýar. Ol Google, Oracle, Salesforce, AMD we Uber bilen bilelikde iki ýurduň hem tehnologiýa taslamalaryna 80 mlrd dollar sarp etmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, Humain we Nvidia 500 MWt çenli kuwwatly “EA fabrikalaryny” gurar. Olaryň işlemegi üçin ýüzlerçe müň Nvidia çibi gerek bolar. Şeýle merkezleri Humain AMD bilen hem döreder. AMD grafiki we merkezi prosessorlar, şeýle-de programma üpjünçiligi bilen üpjün eder. Merkezleriň bir bölegi eýýäm geljek ýyl işläp başlamaly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir