Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Yklym birinjiliginde 102 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Dawranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 182 kilogramy eýgerip, ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezdi we kiçi altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 195 kilogram agyrlygy galdyrdy. Netijede iki görnüşiň jemi boýunça 377 kilogram görkeziji bilen uly bürünç medalyň eýesi boldy. Bu agram derejede birinji orny umumylykda 410 (180+230) kilogram netije görkezen hytaýly Liu Huanhua, ikinji orny bolsa jemi 386 (165+221) kilogram görkeziji bilen gazagystanly Artýom Antropow eýeledi. Ýeri gelende bellesek, Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty şu ýyl Hytaýda geçirilýär. 9-njy maýda başlanan ýaryş şu gün — 15-nji maýda tamamlanar.