Türkmenistanly küştçüler Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilen «Karshi Open» III halkara küşt turnirine gatnaşdylar. Umumy baýrak gaznasy 350 million sumdan ybarat turnirde türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew «A» toparçanyň ýeňijileriniň biri boldy. Bu barada uza.uz saýty ýazýar. Ýeri gelende bellesek, 4 — 11-nji maý aralygynda geçirilen halkara ýaryş Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjandan, Russiýadan, Ysraýyldan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan jemi 300-e golaý türgeni bir ýere jemledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir