Çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 869 000,00 manat we 35 028,00 ABŞ-nyň dollary möçberinde iki sany iri geleşik baglaşyldy – diýip, TDHÇMB-niň saýty habar berýär. Daşarky bazarda Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Şol bir wagtda, içerki bazarda ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak üçin geleşik baglaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir