13-nji maýda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Pakistanyň Maýa goýumlara ýardam bermek boýunça ýörite geňeşiniň (SIFC) sekretary Jamil Ahmad Kureşiniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Yslamabatdaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, ilçi A.Möwlamow pakistan tarapyna gaz geçiriji taslamasynyň Owganystanyň Turgundy — Hyrat böleginde gurluşygyň gidişi bilen bagly soňky ýagdaýlar barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň ilçisi TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitde özara düşünişmegi we parahatçylygy berkitmäge itergi berjekdigini aýtdy. Taraplar sebite uly göwrümli maýa goýumlary çekjek, sebit ýurtlarynyň energiýa howpsuzlygyna we ykdysady integrasiýasyna goşant goşjak taslamanyň strategiki ähmiýetini bellediler. Şeýle-de, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky beýleki bilelikdäki energiýa we infrastruktura başlangyçlary, şol sanda TOP (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan) taslamasyny öňe ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. SIFC-niň sekretary J.A.Kureşi Türkmenistanyň Hökümetiniň Pakistan bilen energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we öz ýurdunyň TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda taraplar energiýa we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de sebitara arabaglanyşygy has-da pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir