Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzinde ýataklary özleşdirmek boýunça «Petronas» we «ADNOC» bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy, Türkmenistan tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça «Petronas-yň» tekliplerine sereder we beýleki habarlar Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernlerine Malaýziýanyň «PETRONAS» we BAE-niň «ADNOC» kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Resminamalar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi. https://turkmenportal.com/blog/91049/glava-turkmenistana-odobril-kontrakty-s-petronas-i-adnoc-po-razrabotke-mestorozhdenii-na-kaspii 2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi. Taraplar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. https://turkmenportal.com/blog/91048/prezident-turkmenistana-obsudil-perspektivy-sotrudnichestva-s-glavoi-petronas 3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekiliýetiniň düzüminde ýurda sapar bilen gelen senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, ADNOC kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al-Mazruini hem-de Daşary işler ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy we «ADNOC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. https://turkmenportal.com/blog/91052/prezident-turkmenistana-provel-peregovory-s-delegaciei-oae 4. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. BAE-niň wekilleri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler. Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. https://turkmenportal.com/blog/91053/gurbanguly-berdymuhamedov-priglasil-rukovodstvo-oae-posetit-turkmenistan-s-vizitom 5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. https://turkmenportal.com/blog/91055/gurbanguly-berdymuhamedov-obsudil-s-petronas-perspektivy-rasshireniya-sotrudnichestva 6. Duşuşykda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselelere aýratyn üns çekildi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça Malaýziýanyň kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy. https://turkmenportal.com/blog/91065/turkmenistan-rassmatrivaet-uchastie-petronas-v-stroitelstve-vtorogo-gazobenzinovogo-zavoda 7. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talyby bilim aldy. Halk Maslahatynyň Başlygy gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini işjeňleşdirmegi teklip etdi. https://turkmenportal.com/blog/91067/turkmenistan-i-petronas-rasshiryayut-sotrudnichestvo-v-obrazovatelnoi-sfere 8. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminama Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi. https://turkmenportal.com/blog/91054/utverzhden-sostav-turkmenskoi-chasti-mezhpravkomissii-po-sotrudnichestvu-s-iranom 9. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Ermeni lideri öz gutlag hatynda iki döwletiň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. https://turkmenportal.com/blog/91056/prezident-armenii-pozdravil-glavu-turkmenistana-s-80letiem-pobedy 10. Şeýle-de Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobiskiý hem Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglaryny iberdiler. https://turkmenportal.com/blog/91058/gubernator-sanktpeterburga-pozdravil-prezidenta-turkmenistana-s-80letiem-pobedy Dünýäde 1. Güýçli partlama Sewilýanyň etegindäki himiýa zawodyny sarsdyrdy, netijede atmosfera galyň gara tüsse buludy göterildi. Ýerli ilata daşary çykmazlyk maslahat berildi. Andalusiýanyň häkimiýetiniň habaryna görä, bu heläkçilik zerarly iki adam ejir çekipdir. Zawodyň işgäri agyr bolmadyk ýanyk şikes alypdyr, şeýle hem ýangyn söndürijileriň birine lukmançylyk kömegi gerek bolupdyr. https://turkmenportal.com/blog/91070/tysyachi-ispancev-okazalis-v-domashnei-izolyacii-izza-toksichnogo-dyma-posle-avarii-na-himzavode 2. Dubaýyň Halkara howa menzili täze howpsuzlyk ulgamyny ornaşdyrýar, ol howpsuzlyk barlagynyň wagtyny ep-esli azaldar hem-de syýahatçylardan goş-golamlaryndan elektron enjamlaryny we suwuklyklary çykarmak talap edilmez. 1, 2 we 3-nji terminallarda «Smiths Detection» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen öňdebaryjy «HI-SCAN 6040 CtiX» 3D skanerleri oturdylar. Bu enjam howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine ýantorbalary açmazdan, olaryň içindäkileriň jikme-jik şekillerini almak mümkinçiligini berýär. https://turkmenportal.com/blog/91069/v-aeroportu-dubaya-moderniziruet-sistemu-dosmotra-ruchnoi-kladi Sport täzelikleri 1. «Arkadagyň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 14-nji tapgyrynda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan üstün çykdy. Oýun Arkadag şäherinde geçirildi we 3:0 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň Ýokary ligasynda ikinji orunda barýan «Arkadag» 7 oýunda 21 utuk toplady. Öňdebaryjylygy eýeleýän «Ahalyň» 10 oýunda 24 utugy bar. «Nebitçi» 8 utuk bilen ýaryşyň ahyrky ýedinji ornunda barýar. Tapgyryň beýleki oýunlarynda «Ahal» 4:0 hasabynda «Aşgabady», «Altyn Asyr» 2:0 hasabynda «Merwi» ýeňdi, «Köpetdag» bolsa 0:1 hasabynda «Şagadamdan» ýeňildi. https://turkmenportal.com/blog/91072/arkadag-pobedil-nebitchi-v-matche-chempionata-turkmenistana-po-futbolu https://turkmenportal.com/blog/91051/ahal-razgromil-ashhabad-v-matche-chempionata-turkmenistana-po-futbolu 2. Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Hytaýda geçirilýän Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda silterläp götermekde altyn medala mynasyp boldy. Ol bu üstünligi 102 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Silterläp götermekde Dawranbek 182 kilogramyň hötdesinden geldi. Ol itekläp götermekde 195 kilogram agyrlygy galdyrdy. Iki tapgyryň jemi boýunça Hasanbaýew 377 kilogram netije bilen üçünji orny eýeledi.