Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow Wenadaky Awstriýa parlamentinde çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşleri barada durup geçdi. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň demokratik institutlary berkitmek, inklýuziw dolandyryşy ösdürmek we durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek baradaky başlangyçlaryna we tagallalaryna ünsi çekdi. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde sebitleýin gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Türkmenistanyň bu formatdaky işjeň orny, şol sanda 2025-nji ýylyň 27-nji martynda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki 20-nji ministrler duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigi barada belledi. Duşuşykda sebitleriň arasynda gepleşikleri, arabaglanyşygy we bilelikdäki başlangyçlary giňeltmäge bolan umumy gyzyklanma tassyklanyldy. Bu çäre sebitleýin arabaglanyşyk, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we syýasy hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin konstruktiw platforma bolup hyzmat etdi. Awstriýanyň parlament agzalary bu pikirleri goldadylar hem-de geljekde Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen parlamentara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.