Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň (TUM) alymlary batareýalara çalt zarýad almaga we howpsuz işlemäge mümkinçilik berýän täze materialy döretdi. Ol geljekki akkumulýatorlar, aýratynam, elektromobiller we ykjam gurluşlar üçin esas bolup biler. Täze material litiý-ionlary beýleki islendik materiallardan 30% tiz geçirýär. Bu bolsa batareýanyň çalt zarýad alyp, durnukly işläp biljekdigini aňladýar. Material professor Tomas Fessleriň ýolbaşçylygynda döredildi we eýýäm patent aldy. Ol litiden, surmadan we skandiden ybarat. Alymlar litiý atomlarynyň bir bölegini skandiý bilen çalyşdy, netijede materialyň gurluşynda “boşluklar” döredi. Bu boşluklar ionlara tiz hereket etmäge mümkinçilik berip, rekord geçirijiligi üpjün edýär. Täze material adaty litiý-ion batareýalaryndan has durnuklydyr. Ol ýanma töwekgelçiligini azaldýar we himiki önümçilik üçin laýyk gelýär. Gurluşdaky “boşluklar” ionlar üçin “tizlikli ýollar” hökmünde hereket edýär. Ylmy gözlegçi Szinwen Szýanyň aýtmagyna görä, konsepsiýa litiý-fosfor ýaly beýleki materiallar üçin hem ulanylyp bilner we ol artykmaç goşundy bolmazdan, diňe skandini talap edýär. Material hem ionlary, hem elektronlary geçirýär, şonuň üçin elektrodlarda hem ulanylyp bilner. Professor Fessler açyşyň ýokary geçirijilikli täze materiallar üçin esas bolup biljekdigini öňe sürýär. Ýöne tehnologiýa häzirlikçe goşmaça synaglary talap edýär. Alymlara onuň hyzmat ediş möhletini we bar bolan tehnologiýalar bilen gabat gelijiligini barlamak gerek. Geljekde topar ony köpçülikleýin önümçilige goýbermegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir