Toyota Motor ABŞ-nyň awtomobilleriň we awtoulag bölekleriniň importy üçin girizen 25% pajynyň esasy pidasy boldy. Ýapon wekilleriniň hasaplamalaryna görä, kompaniýa sagatda, takmynan, bir million dollar ýitirýär. Çäreler hereket edip başlany bäri, bary-ýogy iki aýyň içinde kompaniýanyň girdejisi 1,2 mlrd dollar azaldy diýip, The Sun habar berýär. Toyota amerikan bazary üçin awtomobilleriň ýarysyndan gowragyny ABŞ-da ýygnasa-da, kompaniýa ýylda, takmynan, 1,2 mln ulagy, şol sanda Prius, 4Runner we Lexus modellerini bu bazara import etmegini dowam etdirýär. Bu hem ony täze paçlaryň öňünde gowşak edýär. Deňeşdirmek üçin: General Motors ýyllyk girdeji çaklamasyny 5 mlrd dollar azaltdy, Ford 1,5 mlrd möçberde ýitgä garaşýar. Toyota-nyň önümçiligi Ýaponiýadan ABŞ-a çalt geçirmäge hem mümkinçiligi ýok. Amerikada iň ulusy bolan Jorjtaundaky (Kentukki ştaty) zawod eýýäm ahyrky güýjünde işleýär. Prezident Donald Tramp aprel aýynda kompaniýany ABŞ-da daşary ýurtlardan getirilen awtomobilleri satandygy üçin tankytlady. Şol bir wagtyň özünde, Toyota 2020-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň ykdysadyýetine 20 mlrd dollardan gowrak maýa goýdy. Beýleki ýapon awtoöndürijileri hem logistikasyna täzeden seredýär. Nissan SUV-yň Meksikadan ABŞ-a iberilmegini togtatdy. Honda gibrid önümçiligini Amerika geçirýär. Mazda hem Kanada eksportyny azaltdy. Kynçylyklara garamazdan, Toyota Ýaponiýadaky önümçiligini saklaýar: ol ýerde 2024-nji ýylda 3,1 mln awtomobil çykaryldy – bu umumy möçberiň üçden biridir. Fewral aýynda ABŞ bilen Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler başlandy. Toyota-nyň baş direktory Kodzi Satonyň aýtmagyna görä, ýagdaý näbelli bolup galýar. Muňa garamazdan, ýapon tarapynyň wekilleri maý aýyndaky nobatdaky gepleşiklerden soň, iýun aýynda ylalaşyk gazanmaga umyt bildirdi.