14-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy diýip, TDH habar berýär. Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Halkara duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir