14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Malaýziýa bilen ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-malaý gatnaşyklarynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda Malaýziýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde “PETRONAS” kompaniýasynyň orny aýratyn bellenildi. Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutany kompaniýanyň 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda degişli işleri alyp barýandygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge gönükdirilen anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy köpýyllyk gatnaşyklaryň dowamynda bildirilen ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi hem-de bu düzümiň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna mundan beýläk-de ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.