14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýegi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli alnyp barylýar. Iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki saparlardyr gepleşikler arkaly has-da berkidilýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary bilen birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň «ADNOC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem soňky ýyllarda Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe we maýa goýum edaralarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.