14-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň wekilleri — kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan netijeli işi aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde diňe häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini aýdyp, türkmen tarapynyň özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary netijesini görkezýän bu resminamalar esasynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek ugrunda işlemäge taýýardygyny tassyklady hem-de kompaniýanyň wekillerini bu ugurda gazanylan üstünlik bilen gutlady. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda «PETRONAS» kompaniýasyna diňe bir maýa goýujy hökmünde däl-de, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary saklaýan we umumy garaýşy bolan strategik hyzmatdaş hökmünde-de garalýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz kompaniýanyň türkmen hünärmenlerini taýýarlamak, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işlerine, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň hünär derejesini artdyrmak bilen bagly okuwlary guramaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, häzirki wagta çenli «PETRONAS» Tehnologik uniwersitetinde 200-den gowrak türkmen talybynyň bilim alandygyny belledi we gysga hem-de uzak möhletli tälim beriş okuwlaryny guramak işini güýçlendirmegi teklip etdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça meselä ünsi çekip, ýurdumyzyň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.