Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary diňe genetiki maglumatlara esaslanyp adamyň ýüz keşbiniň hakykata ýakyn 3D şekilini döredip bilýän Difface atly täze emeli aň modelini hödürlediler. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Advanced Science» žurnalynda çap edildi. Bu model DNK-nyň ýüz keşbiniň emele gelmegine jogapkär böleklerini, ýagny ýaňak, burun we eňek ýaly aýratynlyklary seljerip, olary sanly 3D ýüz modelleri bilen deňeşdirýär, soň bolsa üç ölçegli şekil döredýär. Gözlegçiler Difface modelini 9674 meýletinçiniň maglumatlary esasynda türgenleşdirdiler. Olaryň her biri DNK maglumatlaryny we ýüzleriniň ýokary çözgütli 3D skanlaryny üpjün etdiler. Netijeler geň galdyryjy derejede anyk boldy. Hatda nazion (burnuň we maňlaýyň birleşýän nokady) ýa-da ýaňagyň şekili ýaly aýratynlyklar hem ýokary takyklyk bilen dikeldildi. Jynsy, ýaşy we beden agram indeksi ýaly goşmaça maglumatlar girizilende, netijeler has-da gowulaşdy. Şeýle-de Difface diňe bir DNK esasynda ýüz keşbini dikeltmän, eýsem wagtyň geçmegi bilen onuň nädip üýtgejekdigini hem çaklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir