Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär. Filmiň ady «Last Scene» (Soňky sahna). Sýužeti teleseriallaryň geljekki žanrlaryny halas etmek üçin, mundan 50 ýyl ozalky döwre syýahat edýän Ýui atly gyzyň Kurata atly ssenarist bilen tanyşmagy barada gidýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa dowamlylygy, takmynan, dört minut bolan wideo neşir etdi. Onda bu filmiň nädip surata düşürilendigi görkezilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir