The Unusual Suspect YouTube kanalynyň awtory 331 filmden we teleşoudan replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymynyň üýtgeşik wersiýasyny döretdi. Wideo eýýäm ýaýrady. Bu aýdymda filmlerden alnan bölekler Eminemiň aýdymy hakykatda aýdyşy ýaly tizlikde ýaňlanýar. Her bir sitata ulanyjylar üçin düşnükli bolar ýaly subtitrler bilen berilýär. Bu aýdymda “Garri Potter”, “Şa Ýolbars”, “Doňan ýürek”, “12 gaharly erkek”, “Nýu-Ýorkuň bandalary”, “Amerikaly näsag”, “Lilo we Stiç’, “Doganlar Blýuz” we “Wampir bilen söhbetdeşlik” ýaly filmlerden sahnalar ulanyldy. The Unusual Suspect şeýle taslamalary ozal hem döredipdi. Mysal üçin, ol 257 filmi ulanmak bilen Billi Joeliň “We Didn’t Start the Fire” aýdymyny döretdi. Şeýle-de, ol M.I.A-nyň “Paper Planes” kompozisiýasy üçin klip taýýarlady. Eminem “Lose Yourself” rep aýdymyny (iňlisçeden – “Özüňi ýitirmek”) 2002-nji ýylda “Sekizinji mil” (8 Mile) filmine saundtrek üçin ýazdy. Ol bu filmde baş keşbi ýerine ýetiripdi. The Unusual Suspect-iň wideosyndaky klibiň hem bu filmiň ahyryndaky kadrdan başlaýandygyny bellemek gerek. Bu aýdymy üçin Eminem köp sanly baýraklara, şol sanda 2003-nji ýylda “Film üçin iň gowy aýdym” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy. Aýdym 2,5 aý çartlarda birinji orunda durdy, bu hem rekord boldy. Aýdym Billboard Hot 100 çartynda birinji orny, şeýle-de Rolling Stone žurnaly boýunça ähli döwrüň iň beýik 500 aýdymynyň sanawynda 166-njy orny eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir