Ýyl geçdigisaýyn global saglygy goraýyş ulgamynda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barha artýar. 2030-njy ýyla çenli olaryň ýetmezçiligi 4,1 mln adama barabar bolup biler diýlip, Bütindünýä saglygy gorayş guramasy, Halkara şepagat uýalarynyň geňeşi we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar. Materialda 2018-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda dünýädäki şepagat uýalarynyň sanynyň 27,9 milliondan 29,8 milliona çenli artandygy bellenilýär. Bu ugurda işgärleriň ýetmezçiligi 2020-2023-nji ýyllarda 6,2 milliondan 5,8 milliona çenli azaldy we 2030-njy ýyla çenli ýene 4,1 milliona çenli azalmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, hasabatyň awtorlary sebitleriň arasynda düýpli tapawutlaryň saklanýandygyny belledi. Olaryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda şepagat uýalarynyň 78%-i dünýä ilatynyň 49%-ini düzýän ýurtlarda işleýär. Pes we orta girdejili ýurtlarda şepagat uýalaryny okatmak, işe almak we saklamak üçin mümkinçilik az. Awtorlar häkimiýetleriň iş orunlaryny döretmäge we saklamaga maýa goýumlary artdyrmalydygyny belleýär. Ýogsam, hünärmenleriň ýetmezçiligi hemme adamlara lukmançylyk kömegini almakda kynçylyk döredip biler. Hünärmenler, aýratynam, döwletlere şepagat uýalarynyň zähmet şertlerini gowulandyrmagy maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir