“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi, ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi. Wideoda tanymal tennisçi söz bilen çykyş edýär we onuň dowamynda Rojer Federer, Nowak Jokowiç, Stefanos Sisipas, Gael Monfis, Kori Gauff, Arina Sobolenko, Iga Şwýontek ýaly belli tennisçileriň, şeýle-de mümkinçiligi çäkli oýunçylaryň gatnaşmagynda “Rolan Garrosda” geçirilen oýunlardan kadrlar görkezilýär. Ýatlap geçsek, 38 ýaşly Nadal ýekelikde “Rolan Garrosyň” 14 gezek ýeňijisidir we bu “Uly tuwulganyň” bir ýaryşynda gazanylan ýeňişler boýunça rekord hasaplanýar. Türgen 2024-nji ýylyň noýabr aýynda professional karýerasyny tamamlady. 2025-nji ýylyň “Rolan Garros” ýaryşynyň esasy oýunlary 25-nji maýda başlar we 8-nji iýunda tamamlanar.