13-nji maýda «Ýyldyz» otelinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat «Türkmenistan: Howanyň üýtgemegi we ýaşyl geçiş» atly wideorolik bilen açyldy. Maslahatda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow, Bütindünýä bankynyň howanyň üýtgemegi boýunça global direktory Waleri Hikki, GIZ sebit maksatnamasynyň müdiri Sergeý Makarow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan çykyş etdi. Maslahatyň umumy mejlisi sebit we milli howa syýasatlaryna, üstünliklere we geljek üçin meýilnamalara bagyşlanýar. Maslahatda bilen ugurdaşlykda «Türkmenistanyň täsin endemiki ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tanyşmak» atly sergi geçirilýär. Merkezi Aziýanyň howanyň üýtgemegi maslahaty 14-nji maýda hem öz işini dowam eder, şondan soň gatnaşyjylar üçin Aşgabat şäherindäki Halkara Ahalteke atçylyk toplumyna gezelenç guralar. Çäreler Merkezi Aziýanyň Sebit daşky gurşaw merkezi tarapyndan guraldy.