12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, okuw maslahaty 12-16-njy maý aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýär. Seminar ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýagdaýyny döretmäge hem-de goňşy ýurtlaryň ýaş hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Duşuşygyň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy (UNRCCA) Kaha Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kemal Goşliýew çykyş etdiler. Dabara gatnaşyjylar bu çäräniň bilimleri kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bir hatarda Merkezi Aziýada hem-de dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we abadançylygy berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ýaş liderleriň we diplomatlaryň ösüşini goldamaga ymtylýandygy, şonuň üçin hem BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda sebitiň ýaş diplomatlary üçin okuw maslahatyny geçirmäge ýardam berýändigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir