Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär. Bu barada A Bola neşiri habar berýär. Baýrak bir möwsümiň dowamynda has köp utuk gazanan futbolça berilýär. Baýragyň hereket eden dürli döwürlerinde iň gowy bombardiri kesgitlemegiň düzgünleri hem tapawutlanypdyr. Häzirki möwsümde APL-de, La Ligada, Bundesligada, Seriýa A-da we fransuz Liga 1-inde her gol üçin futbolçy iki utuk alýar, ýöne Portugaliýanyň çempionatynda bir gol üçin oýunça bir ýarym utuk berilýär. Şeýle tapawuda garamazdan, Dýokereş 57 utuk bilen birinji orna çykyp bildi – ol 38 gol geçirdi. Ikinji orny “Liwerpulyň” oýunçysy Mohamed Salah eýeleýär, onuň hasabynda Angliýanyň Premýer-ligasynda 28 gol üçin 56 utuk bar. Üçünji orna ýakynda geçirilen El-Klasikoda “Real” utulandan soň, klubuň hüjümçisi Kilian Mbappe çykdy. Şol oýunda futbolçy “Barselonanyň” derwezesine üç gol geçirdi we jemi 54 utuk gazandy. Şeýle-de, ilkinji bäşlige “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski we “Bawariýanyň” esasy snaýperi Garri Keýn girýär. Oýunçylaryň ikisi-de öz çempionatlarynda 25 gol geçirip, 50 utuk gazandy.