ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 günlük möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar. «CNN» neşiriniň habar bermegine görä, 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder. Gepleşikler Ženewada geçirildi. Iki ýurduň wekilleri hem «möhüm ösüşiň» gazanylandygyny aýdyp, ykdysady we söwda meseleleri boýunça mundan beýläk hem pikir alyşmak üçin mehanizm döretmek barada ylalaşdylar. Taraplar aprel aýynda girizilen goşmaça gümrük paçlaryny ýatyrarlar. Şeýle-de Hytaý ABŞ-a garşy nyrhlardan daşary gören çärelerini hem wagtlaýyn togtadar. ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessentiň sözlerine görä, taraplar gümrük paçlaryny jemi 115 göterim peseltmek boýunça ylalaşyk gazandy. «Bloomberg» agentliginiň ýazmagyna görä, bu habardan soň, Aziýanyň we Ýewropanyň gazna bazarlarynda paýnamalaryň bahalary ýokarlandy, S&P 500 fýuçersleri bolsa 3% artdy. ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlygy fewral aýynda prezident Donald Trampyň Hytaýdan, Kanadadan we Meksikadan getirilýän harytlara goşmaça gümrük paçlaryny girizmegi bilen güýçlendi. Mart aýynda ABŞ nyrhlary 10%-den 20%-e çenli ýokarlandyrypdy, munuň yzýanynda bolsa Hytaý Bütindünýä söwda guramasyna arz edipdi. 2-nji aprelde Donald Tramp dünýäniň köp ýurtlaryna gümrük paçlaryny girizjekdigini mälim etdi. Bu ädim, esasan-da, Hytaýa agyr täsir etdi we söwda gapma-garşylygynyň başlanmagyna sebäp boldy. Waşingtonyň nyrhlary ýokarlandyrmagyna Pekin hem şol derejede jogap berdi. Netijede, birnäçe tapgyrdan soň, ABŞ-nyň Hytaýdan getirilýän harytlara salan gümrük paçlarynyň umumy derejesi 145%-e ýetdi, Hytaýyň garşylyklaýyn nyrhlary bolsa 125% boldy.