Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco ýekşenbe güni 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Resminama görä, arassa girdeji 26 mlrd dollar boldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6% azdyr. Munuň esasy sebäbi dünýäde nebitiň bahasynyň peselmegi boldy. Ýanwar aýyndan mart aýy aralygynda kompaniýanyň girdejisi birneme ýokarlanyp, 108,1 mlrd dollar boldy, bir ýyl ozal ol 107,2 mlrd dollardy. Ýöne arassa girdeji 2024-nji ýylyň degişli döwründe 27,2 mlrd dollar bolupdy. Girdejiniň pese gaçmagy Saud Arabystanynyň trillionlarça dollar sarp etmegi göz öňünde tutýan giň gerimli ykdysady taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini kynlaşdyryp biler. Mundan başga-da, öň Saud Arabystany Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletinde ABŞ-nyň ykdysadyýetine ýüzlerçe milliard maýa goýmagy wada beripdi. Indi bu babatda hem kynçylyk ýüze çykyp biler. Maliýe hasabaty OPEK+ bileleşiginiň nebit önümçiligini artdyryp başlan wagty hödürlendi. Gurama indiki aýda önümçiligi günde 411 000 barrel artdyrmak kararyna geldi, çünki ABŞ-nyň nyrh syýasaty bilen bagly kesgitsizlik Ýakyn Gündogaryň bazaryna zyýan ýetirdi. Bu Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadanyň gymmat bahaly başlangyçlaryny maliýeleşdirmek üçin, ähtimal, karz almaly ýa-da öz ätiýaçlyk gaznalaryny sarp etmeli boljakdygyny aňladýar. Saudi Aramco-nyň bazar bahasy 1,6 trln dollardan geçýär.