Italian Sea Group gämi gurluşyk kompaniýasy Giorgio Armani moda öýi bilen bilelikde döredilen ilkinji Admiral Armani mega-gämisini suwa goýberdi. 72 metrlik gäminiň konsepti iki ýyl ozal hödürlenipdi diýip, Sail-World ýazýar. Dabara kompaniýanyň Marina di Carrara şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirildi. Çärä kompaniýanyň wekilleri, Armani Group topary, ýerli häkimiýet we gämi gurluşykçylary gatnaşdy. Bu doly derejede Jorjio Armani tarapyndan taslanan iki gäminiň birinjisidir. Gäminiň taslamasy Project Metamorphosis diýlip atlandyrylýar we Centro Stile The Italian Sea Group dizaýnerlik bölümçesi bilen hyzmatdaşlykda döredildi. 2 000 tonna suwy gysyp çykarýan gämi buzly suwlarda hem ýöremäge mümkinçilik berýän korpus we alty otagly esasy paluba bilen üpjün edildi. Onuň geçýän menzili 6 000 deňiz miline barabar. Gäminiň daşky keşbi we interýeri Armaniniň stilini görkezýär – onda agraslyk bilen ýumşaklyk utgaşýar. Interýer Armani/Casa studiýasy tarapyndan bezeldi. Içinde poldan potologa çenli panorama penjireleri, satin alýumin, gara mermer, altynsow daş Calacatta, hoz agajy, aýna we dokma önümleri ulanyldy. Ýokarky palubalar asylan eýwanlary ýada salýar. Bortda launž-zolaklar we dikuçar meýdançasy bar. Gämi Monaco Yacht Show 2025 sergisinde hödürlener. Ilkibaşda ony 2024-nji ýylda görkezmek meýilleşdirildi, ýöne goşmaça täzelenmeler sebäpli möhlet yza süýşürildi. Gäminiň bahasy gurluşyk tapgyrynda 105 mln ýewro barabardy.