Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Baha taýdan has durnukly modelleriň ilkinji onlugynda ýekeje-de Toyota ýok. Ozal ýapon brendleriniň awtomobilleri, aýratynam, Toyota bahasyny haýal ýitirýär we gaýtadan satmak üçin hem uly ýitgisiz hasap edilýärdi. Ýöne elektromobil pudagynda olar hytaý brendlerinden yza galýar. Hytaýyň awtodilerler assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, bir ýylda Xiaomi SU7 öz bahasynyň bary-ýogy 11,3%-ini ýitirýär. Bu hödürlenen ähli modelleriň arasynda iň gowy görkezijidir. Reýtingde ulanylan elektromobiller baradaky maglumatlar göz öňünde tutuldy. Xiaomi-niň resmi saýtynda görkezilişi ýaly, SU7 üçin garaşmagyň möhleti 37 hepdä, esasy wersiýa üçin bolsa – 43-46 hepdä ýetýär. Şeýlelikde, alyjylar awtomobillerini 2026-njy ýylyň ýazyndan ir almaz. Liderleriň üçlügine Huawei we Seres-den Aito M9 hytaý elektromobilleri, şeýle-de Li Auto MEGA miniweni girdi. Olar, degişlilikde, bahalarynyň 85,2%-ini we 79,3%-ini saklaýar. Reýtingdäki ähli modeller soňky bir-iki ýylda çykarylan elektromobillerdir. Hytaýyň awtodilerler assosiasiýasy awtomobiliň bahasyny saklamagynyň brendiň güýjüni – önüminiň hilini, onuň abraýyny görkezýändigini belleýär. Bu diňe bir ulanylan ulagy satyn almakda görkeziji däl-de, eýsem täze elektrokar satyn almakda ugrukdyryjydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir