Halkara alymlar topary Marsyň jümmüşinde suwuk suwly kölüň bardygynyň subutnamalaryny tapdy. Bu barlagy Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň, Awstraliýanyň milli uniwersitetiniň we Milanyň Bikokka uniwersitetiniň hünärmenleri geçirdi. Netijeler EurekAlert portalynda çap edildi. Alymlar NASA-nyň InSight seýsmometri tarapyndan ýazga alnan meteorit zarbalaryndan we mars titremelerinden döreýän seýsmiki tolkunlary seljerdiler. 5,4–8 km çuňlukda suwuk suwuň bolup biljekdigini görkezýän haýal süýşýän tolkun tizligi anomaliýasyny tapdylar. Planeta boýunça deň paýlansa, suw gatlagynyň galyňlygynyň 520-780 metr bolup biljekdigi çaklanylýar. Barlagçylar netijeleriň InSight gonuş modulynyň astyndan alnan maglumatlara esaslanandygyny anykladylar. Açyşy tassyklamak üçin goşmaça missiýalaryň guralmagy zerurdyr. Alymlar milliardlarça ýyl ozal Marsyň suw bilen örtülendigini, ýöne takmynan 3 milliard ýyl ozal Amazon diýilýän döwürde onuň ýitirim bolandygyny ýatladylar. Ondan öň Perseverance mars roweri gadymy suwuň yzlaryny tapypdy. Alymlar Gyzyl planetanyň üstki gatlagynyň astyndaky dürli çuňluklarda mineral emele geliş prosesleriniň bolup geçendigini kesgitlediler. Bu hem suwuň Mars jynslaryna çuňňur aralaşandygyny tassyklaýar.