13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi. Bäsleşigiň birinji tapgyrynda çykyşlara diňe teletomaşaçylar baha berdi. Eminler ses bermäge gatnaşmady. Şeýlelikde, finala şu ýurtlar çykdy: Norwegiýa, Albaniýa, Şwesiýa, Islandiýa, Niderlandlar, Polşa, San-Marino, Estoniýa, Portugaliýa, Ukraina. Azerbaýjan, Belgiýa, Kipr, Sloweniýa we Horwatiýa bäsleşikdäki çykyşyny tamamlady. 16 ýurtdan ýerine ýetirijiniň gatnaşmagynda ikinji ýarym final 15-nji maýda geçiriler. Onuň netijesinde finalda bäsleşmäge mümkinçilik gazanjak ýene on gatnaşyjy belli bolar. “Ýewrowideniýe-2025-iň” finaly 17-nji maýda, şenbe güni geçiriler. Ýatlap geçsek, “Uly bäşligiň” ýurtlary – Fransiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa we Italiýa finala awtomatik çykýar. Olara şu ýyl geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Şweýsariýa hem goşuldy. 2024-nji ýylda ýurduň adyndan “The Code” aýdymy bilen artist Nemo çykyş etdi. Şu ýyl “Ýewrowideniýe” 69-njy gezek geçirilýär.