13-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl gatnaşdy. Pikir alyşmalaryň barşynda BMG-niň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işi, şeýle hem Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji bilelikdäki okuw maslahatynyň geçirilmegi sebitleýin utgaşygyň iş ýüzündäki mysallarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine we mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir