Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli. Teodor ony heniz pişijek wagty halas edýär: Oskaryň dirofilýarioz keseli bardy, ýöne eýesiniň kömegi bilen ol sagalyp, “owadanlygy ýaly, çydamlydygyny” hem subut etdi. Mähirli maşgalada Oskar “sagdyn we bezzat pişige” öwrüldi. Bir gezek ol ikinji gatyň penjiresinden bökdi, ýöne hiç hili şikes almady. Şondan bäri Oskarda bökmäge söýgi dörän bolsa gerek. Öz pişiginiň başarnygyny görenden soň, Teodor ony türgenleşdirip başlady. Ilkibaşda pişik uly bolmadyk aralyklara bökýärdi, hojaýyny bolsa ony dürli tagamlar bilen höweslendirýärdi. Bu türgenleşige iki ýyl we müňden gowrak synanyşyk gerek boldy. Netijede, Oskar dünýä rekordyny täzelemegi başardy. Teodor Oskaryň maşgalada ýeke-täk zehinli pişik däldigini aýdýar. Awgusta Reý atly pişige hem sýorfing öwredildi we indi ol dürli ýaryşlara gatnaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir