Essalawmaleýkim, adamlar! Meniñ size näler ”hormatly, adamlar” diýip, ýüzlenesim gelýär. Emma Türkmen telewideniýesi we radiosy soñky döwürde ”hormatly” sözünde asyl hormat goýmadylar, ol sözüñ şeýle bir lejini çykardylar welin, hoşuña gelsin! Şol sebäpli ony indi özüni sylaýan adama ýürek edip aýdar ýaly bolmady. Prezidentiñ ”hormatly” diýip, hormatyny gaçyrýarlar! Ýaranjañlaryñ yhlasy bilen ne ýurt baştutanynda, ne-de ”hormat” sözüniñ özünde hormat galdy. Indi ýöne ” adamlar” diýseñ, gaýta has agras görünýär. Bu hakda ýene bir gün gürrüñ ederis. Häzirki aýtjagym: arada ”Suratyñy iber, sahypamyzda goýjak” diýen ekeniñiz, ony iberýän. Ýöne gezende adam bolamsoñ, ýolda- yzda tanap, artykmaç sorag ýagdyryp ýörmesinler diýip, azajyk köneräk suratymy ýollaýan. Bu suratym entek Türkmenistanda sakgalyñ abraýy barka çekilipdi, şonuñ üçin menem sakgallydyryn. Şuny ýerleşdiräýiñ, her niçigem bolsa, ýokdan gowudyr! mr.hakykat.

Köneler, gizlinagent tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir