Apple TV YouTube kanalynda režissýor Jozef Kosinski tarapyndan düşürilen “F1” sport dramasynyň ikinji treýleri peýda boldy. Filmde baş keşpleri Bred Pitt we Hawýer Bardem ýerine ýetirdi. Film 25-nji iýunda dünýä prokatyna çykar. Bred Pitt “Formula-1-iň” öňki ýaryşa gatnaşyjysy Sonni Heýsi oýnady. Ol 90-njy ýyllarda heläkçiligi başdan geçirýär. Ençeme ýyllardan soň, ýaş sürüji Joşua Pirsi türgenleşdirmek üçin dolanyp gelýär. Onuň keşbini Damson Idris ýerine ýetirdi. Ssenarini Jozef Kosinski we Eren Krýuger ýazdy. Prodýuserleriň arasynda “Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton bar. Film üçin aýdym-sazy Hans Simmer, Ed Şiran we Burna Boy döretdi. Film hakyky ýaryş ýollarynda düşürildi. Kosinski awtosportyň hakyky taryhyny görkezmek isländigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, topar tomaşaçylaryň bolidleriň tizligini doly duýup bilmegi üçin “Top Gan: Mewerikde” ulanylan tehnologiýalary kämilleşdirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir