2025-nji ýylyň Volkswagen Passat ulagy Hytaýda iň köp satylýan orta göwrümli sedan boldy. Ol arzanladyşlar we döwrebap tehnologiýalaryň netijesinde aprel aýynda Toyota Camry we Honda Accord sedanlaryndan öňe geçdi. Dongchedi hytaý çeşmesiniň maglumatlaryna görä, aprel aýynda 18 000 Passat awtomobili satyldy, Camry-nyň satuwy 16 000, Accord bolsa – 14 000 ulag boldy. Üstünligiň esasy şerti arzanladyş boldy. 2025-nji ýylyň Passat ulagynyň esasy wersiýasy 2024-nji ýylyň modeli bilen deňeşdirilende 24 000 ýuan (takmynan, 3350 dollar) arzanlady. Indi onuň bahasy 158 000 ýuandan (21 900 dollar) başlaýar. Deňeşdirmek üçin, has ykjam Volkswagen Sagitar sedanynyň iň ýokary wersiýasy 169 900 ýuana (23 600 dollar) barabar. 160 at güýjüni berýän 1,5 litrik EVO II hereketlendirijisini alan Passat döwrebap tehnologiýalar: ikinji derejeli sürüjä kömek ulgamy, matrisa faralary we üç zolakly howa gözegçiligi bilen üpjün edildi.