Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär. Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir. Kompaniýa düýpli maliýe kynçylyklary we rekord ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Aprel aýynda Nissan mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 700 – 750 mlrd ýena ($4,74-5,08 mlrd) möçberde arassa ýitginiň bolmagyna garaşýandygyny aýtdy. Munuň esasy sebäpleri aktiwleriň bahasyna gaýtadan seredilmegi we ABŞ-nyň hem Hytaýyň bazarlarynda girdejileriň azalmagy boldy. Işden çykarmalar kompaniýanyň dünýädäki önümçilik we ofis bölümleriniň işgärlerine täsir eder. Kompaniýa çykdajylaryň artýan we islegiň durnuksyz döwründe bäsdeşlige ukyply bolup galmak üçin, çykdajylary azaltmagy we biznesi gaýtadan guramagy maksat edinýär. Bilermenler Nissan-yň meseleleriniň dünýäniň awtoulag pudagyndaky çökgünligi görkezýändigini belleýär. Elektromobillere geçiş we hytaý brendleri bilen bäsdeşlik kompaniýany kyn ýagdaýa goýýar. Şowsuzlyklara garamazdan, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Nissan elektrosedan, elektrohetçbek, miniwen, siti-kar, keý-kar we iki krossower ýaly ýedi sany täze modeli çykarmak meýilnamasyny hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa operasion çykdajylary 2,6 mlrd dollar azaltmak we täze awtomobiller üçin çykdajylary azaltmak isleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir