«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine iberen gutlagynda aýdylýar. «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşyňyzy göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara geldik" diýlip, gutlagda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer. Belläp geçsek, «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir