"Türkmengeologiýa" döwlet konserniniň "Lebapnebitgazgözleg" ekspedisiýasynyň agzalary Günbatar Goturdepe känindäki №1907 gözleg guýusyndan uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron gazeti habar berýär. Guýynyň çuňlugy 4 000 metre golaýlap, bu kän boýunça iň çuň guýy boldy. Gözlegleriň netijesinde aşaky gyzylgatly plastlaryň 13-njisinde nebit we tebigy gazyň baý ýataklary ýüze çykaryldy. Hünärmenleriň maglumatyna görä, guýynyň bir günlük öndürijiligi 93,4 tonna çig nebit we 4 430 kub metr tebigy gaz bilen ölçelýär. Çeşmäniň bellemegine görä, işleriň üstünlikli tamamlanmagy känleriň gymmatly çig mallar bilen baýdygyny we olaryň uly senagat ähmiýetiniň bardygyny tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir