Portugaliýada Lego konstruktoryndan 70,614 inedördül metr meýdany tutýan şäher guruldy. Bu desga şekil berlen kerpiçjiklerden ýygnalan iň uly diorama hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi. Adaty bolmadyk gurnamany Portugaliýanyň Parque dos Dinossauros da Lourinhã (PDL) kompaniýasy döretdi. Onuň gurluşygyna konstruktoryň 239 444 elementi gitdi. Taslama hakyky şäheriň ähli aýratynlyklaryny bermäge synanyşan höwesjeňler topary gatnaşdy. Ägirt dioramada binalar, ýollar, howa menzili, gurluşyk kranlary, awtoulag duralgalary, seýilgähler, awtoulaglar, zibil daşaýan awtoulaglar, hatda oba ýerli şäher etegi hem bar. Big Ben-i ýada salýan sagat diňi döredildi. Güýmenjeler ýarmarkasynda synlaýyş çarhy we karusel bar, şäheriň iki bölegi ullakan asma köpri bilen baglanyşdyrylypdyr. Şäheriň, hatda Loh-Ness monstryny ýada salýan mifiki jandarly öz köli hem bar. Suw howdanyna sýorfingçiler we gämiler ýerleşdirildi, gapdalynda bolsa Güne çoýunyp ýatylýan ýatalgalar we dynç alýan adamlaryň şekiljikleri bolan kenar guruldy. Şeýle hem şäherde şäher infrastrukturasynyň elementleri: 366 ulag, 176 agaç we 2328 gül bar. Döredijiler Lego şäherini mümkin boldugyça hakykata ýakynlaşdyrmaga çalyşdylar. Diorama diňe bir tutýan meýdany boýunça rekord goýman, eýsem Lego ulanyp ýasalan, iň bir ownuk böleklerine çenli görkezilip taýýarlanan işleriň birine öwrüldi.