Amerikaly alymlaryň geçiren täze barlagy çuň suwly ummanlaryň düýbüniň bary-ýogy 0,001%-iniň wizual görüş arkaly öwrenilendigini görkezdi. Bu Belgiýanyň tutýan meýdanyndan takmynan on esse kiçi diýmegi aňladýar. Derňew 1958-nji ýyldan bäri 43 000-den gowrak ummana çuň çümmek bilen geçirilen işleriň maglumatlaryna esaslandy. Barlagçylaryň gelen netijesi - dünýä ummanynyň düýbüniň aglaba bölegi entek öwrenilmän ýatyr. Munuňam sebäbi, ummanyň ortaça çuňlugy, takmynan, 3,7 kilometre barabar we şeýle çuňluga diňe çäkli mukdardaky ýöriteleşen apparatlar çümüp bilýär. Häzirki wagtda ummanyň düýbüniň 26% töweregi kartalaşdyryldy, ýöne hünärmenler maglumatlaryň esasan sanly modelleşdirmä esaslanýandygyny aýdýarlar. Ummany öwreniji Sýuzan Poulton muny Amazon jeňňelliklerindäki ýaşaýşy, sebite özüň baryp görmezden, emeli hemralardan alnan suratlar we DNK nusgalaryny öwrenmek arkaly düşünmäge synanyşmak bilen deňeşdirdi. Şeýle hem alymlar ummanyň planetadaky iň uly we iň möhüm biom bolup biljekdigini bellediler. Ummanlarda, mikroblary hasaba almanyňda, 700 000-den başlap 1 milliona çenli janly-jandarlaryň ýaşaýandygy çak edilýär. Olaryň takmynan üçden iki bölegi henizem ylym tarapyndan beýan edilmedi. Umman çuňluklaryndaky barlaglaryň köpüsi üç ýurt: ABŞ, Ýaponiýa we Täze Zelandiýa tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar ummany doly öwrenmek üçin halkara hyzmatdaşlygynyň we uzak wagtyň gerekdigini nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir