12-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri we wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, pile möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär. Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir