Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerini we türgenlerini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigini, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp kabul edildi. Belläp geçsek, «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy.