Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi. MarkLines-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Hytaýda 7,47 mln awtomobil satyldy. Bu geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Mask ýylyň jemi boýunça Hytaýyň dünýä bazarynda öz ornuny berkitjekdigini çaklaýar. Satuwyň ösmegi ýurduň içindäki ýokary isleg we hytaý brendleriniň daşary bazarlara işjeň çykmagy bilen baglanyşyklydyr. BYD ýaly kompaniýalar daşary ýurt öndürijileri bilen üstünlikli bäsleşip, Hytaýyň awtomobil pudagyndaky ornuny berkidýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir