Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasy awtomobil bilen uçaryň funksiýalaryny birleşdirýän ulag serişdesini – AirCar 2-ni hödürledi. Ýerde AirCar 2 tizligini 200 km/sag, howada bolsa 250 km/sag çenli artdyrýar. Režimleriň arasyndaky geçiş 80 sekunt wagt alýar. Sürüjä hiç hili güýç sarp etmek gerek däl: korpusdan awtomatik ýagdaýda ganatlar çykýar, spoýler guýruga öwrülýär we propeller işläp başlaýar. Ulagyň uzynlygy 6 metr bolup, bu ony adaty awtoduralgalarda ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Uçuş režiminde geçilýän menzil 1000 km barabar. Awtomobiliň bahasy 800 müň dollardan başlaýar. Kompaniýa 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda AirCar 2-niň ygtyýarnama almagyny tamamlamagy we köpçülikleýin önümçilige başlamagy meýilleşdirýär. Ýylda 100 uçýan ulagyň çykarylmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir