Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi. Italiýaly hünärmen topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. Mundan öň 2021-nji ýyldan bäri 65 ýaşly hünärmen Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýärdi. Şeýle-de, ol 2013-2015-nji ýyllarda klubda işledi. Onuň ýolbaşçylygynda patyşalyk topary iki gezek Ispaniýanyň çempionatynda we üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Şeýle-de, ol Italiýanyň “Milan”, Angliýanyň “Çelsi”, Fransiýanyň “PSŽ” we Germaniýanyň “Bawariýa” klublaryny milli çempionatlarda çempionlyga getirdi. “Ançelottini Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna çekmek – bu ýönekeý bir strategiki ädim däl. Bu biziň hormat münberiniň iň ýokary derejesini gaýdyp almagy ýüregimize düwendigimizi dünýä habar bermegimizdir” – diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidenti Ednaldo Rodriges belledi. Ol Ançelottini futbol taryhynda iň beýik tälimçi diýip atlandyrdy we “beýik tälimçiniň indi beýik topar bilen birleşjekdigini” sözüniň üstüne goşdy. Tälimçi häzirki möwsümi “Real” bilen tamamlar we şondan soň iýun aýynda milli ýygynda goşular. Ol Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda ilkinji daşary ýurt tälimçisi bolar. Şeýle-de, AS neşiriniň habar berşi ýaly, Ançelottiniň ogly Dawide Ançelotti milli ýygyndynyň ilkinji oýunlarynda kakasynyň kömekçisi bolar. Braziliýanyň GloboEsporte neşiriniň maglumatlaryna görä, Ançelottiniň ýygyndyda ýyllyk zähmet haky 10 mln ýewro bolar. Mundan başga-da, italiýaly tälimçiniň şertnamasynda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndaky ýeňiş üçin 5 mln ýewro bonus göz öňünde tutulýar. Ozal žurnalist Fabrisio Romano Madridiň “Realynyň” täze baş tälimçisiniň Habi Alonso boljakdygyny habar berdi. Lewerkuzeniň “Baýeriniň” halypasy bu klub bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir