Dünýä belli suratkeşleriň, moda we aýakgap brendleriniň gatnaşmagynda geçirilen Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy diýip, «WWD» habar berýär. Karla Otto-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre EMV hasabynda, ýagny sosial torlardaky täsirleriň (synlar we organiki gözleg netijeleri ýaly) dollar ekwiwalenti boýunça, 26,1 million dollar girdeji getirdi. Bu görkeziji geçen ýylky bilen deňeşdirilende 24% ýokarydyr. Şol mukdaryň 56%-ni 14,5 million dollarlyk 48 feýşn-aktiwasiýasy emele getirdi. Salone del Mobile sergisiniň resmi hasaby 8,1 million dollarlyk, Fuorisalone bolsa 5,6 million dollarlyk EMV gazandy. Alcova we Capsule Plaza ýaly täze taslamalarda bolsa görkezijiler biraz peseldi. Loro Piana bilen milanly Dimoremilano dizaýn studiýasynyň ilkinji hyzmatdaşlygy 741 müň dollarlyk EMV getirdi. Formafantasma studiýasy Prada Frames simpoziumy we Cassina üçin ýerine ýetiren çykyşy bilen öňe saýlandy. Vans brendi bolsa, Willo Perron tarapyndan döredilen «Checkered Future: Frequency Manifest» atly installýasiýasy bilen 997 müň dollarlyk EMV gazandy. Milanyň dizaýn hepdeligi 7-13-nji aprel aralygynda geçirildi.