Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir. Programma smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen ýüzüň mimikasyny ýazga alýar we hereketleri hakyky wagtda saz seslerine öwürýär. Ulanyjylar ýüzleriniň dürli myşsalaryny oýnadyp, wirtual gurallarda “saz çalyp” bilerler. "Biziň barlaglarymyz duýgyny herekete getiriji nerw ulgamyny işjeňleşdirmek üçin güýçli gyjyndyryjydygyny görkezdi. Saz döredilende ýüze çykýan oňyn duýgular ýüzüň myşsalarynyň herekete geçmegine itergi berýär we dikeldiş prosesini çaltlaşdyrýar "- diýip, Music-Evoked Brain Plasticity barlag toparynyň ýolbaşçysy, JYMMiN başlangyjynyň esaslandyryjysy Tom Fris belleýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, her ýyl dünýä boýunça, takmynan, 15 million adam insult geçirýär. Olaryň köpüsiniň ýüz myşsalary ysmaz bolup galýar, bu bolsa ýüzüň mimikasyny we gürleýiş prosesini kynlaşdyrýar. JYMMiN başlangyjy tarapyndan döredilen Face Active programmasy şeýle hassalara, duýgyny we aýdym-sazy bejergä goşmak arkaly, saglyklaryny has çalt dikletmäge kömek etmegi maksat edinýär.