Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär. Topar meşhur «Enter Sandman» aýdymyny ýerine ýetirip başlanda, takmynan, 60 müň tomaşaçy böküp, el çarpmaga başlady. Bu reaksiýa toparyň muşdaklarynyň arasyndaky adaty bir däp bolup durýar. Şol wagt stadiondan 1,5 km uzaklykda ýerleşýän obserwatoriýadaky seýsmologlar bolup geçen ýeňil ýertitremäni hasaba aldylar. VTSO-nyň direktory Martin Çapmanyň sözlerine görä, bu titreme Rihter şkalasy boýunça 1,0 baldan hem pes bolup, stadiondan daşarda duýulmandyr. Seýsmiki işjeňlik her näçe ujypsyz bolsa-da, bu waka internetde eýýämden Metallica Quake («Metallica titremesi») ady bilen tanalyp başlandy. Bu hadysa diňe muşdaklaryň konsertdäki hereketleri sebäpli ýüze çykypdyr. Şeýle «emeli ýertitremeleri» döretmäge diňe Metallica-nyň muşdaklary däl, eýsem Trewis Skott bilen Teýlor Swiftiň muşdaklary hem ukyply. Mysal üçin, Teýlor Swiftiň 2023-nji ýylda Sietl şäherindäki çykyşynda 2,3 magnitudaly seýsmiki işjeňlik ýüze çykypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir