Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi. Adat boýunça, baýragyň iki nusgasy taýýarlandy. Heýkelleriň biri kino weteranyna berilýär. Şu ýyl hormat “Palmasyny” amerikaly aktýor Robert De Niro alar, ol 1960-njy ýyllarda karýerasyna başlany bäri 110 filmde surata düşdi. Baýragy aktýora kärdeşi Leonardo DiKaprio gowşurar, onuň bilen De Niro ençeme gezek bilelikdäki taslamalara gatnaşypdy. Baş “Altyn palma şahasy” esasy bäsleşigiň ýeňijisine berler. Festiwalyň baş direktory Týerri Fremonyň aýtmagyna görä, guramaçylar 19 filmden ybarat sanawy düzmezden ozal, 3000 töweregi filme tomaşa etdi. Şu ýyl emin agzalarynyň başlygy fransiýaly aktrisa Žýulýet Binoş boldy. Şu ýyl Kannyň esasy baýragy üçin Ues Anderson, doganlar Dardenn, Riçard Linkleýter, Jafar Panahi, Kelli Raýhardt, Ýoakim Trier, Ari Aster, Žýuliýa Dýukurno, Sergeý Loznisa we Linn Remsi ýaly belli režissýorlaryň täze işleri dalaş edýär. Bäsleşikden daşary meýilnamada Itan Koeniň “Ezizim, gerek däl!” (Милая, не надо!) filmi we Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz” (Миссия невыполнима) filminiň sekizinji bölümi görkeziler. Premýera aktýoryň hut özi gatnaşar. Kann festiwalynda Anjelina Joli halypa hökmünde ýaňy başlan aktýorlara her ýyl berilýän ýörite baýragy gowşurar. Şu ýyl Trophée Chopard Award baýragyny fransiýaly aktrisa Mari Kolomb we irlandiýa-britaniýaly aktýor Finn Bennett alar. Bir gün öň festiwalyň dress-kodunyň şu ýyl gyzyl haly ýodasynda has gözilginç eşikleriň öňüni almak üçin, has salyhatly bolmalydygy habar berildi.