Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir. Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi. Aýdym ýörite şu maksat üçin işlenip taýýarlanan Archaeo platformasy arkaly döredildi. ILĀ çäkli sesler toplumyny saýlap, esasy aýdym-saz heňini berdi. Neýroulgam bolsa studiýadaky kömekçi ýaly deprek, bas we sintezator wariantlaryny hödürledi. Ýöne ahyrky çözgüdi EA däl-de, artist kabul etdi. Taslamanyň tehniki böleginde kwant tehnologiýasy ulanyldy. Ol adaty EA-nyň görüp bilmeýän inçe aýdym-saz baglanyşyklaryny tapýar. Bu hem aýdym-sazy has janly, göwrümli we gulaga ýakymly edýär. Kwant tehnologiýasy nemes kompaniýasy IQM tarapyndan üpjün edildi. Recurse janly kompozisiýa bolup, göni ýaýlymda ýaňlanýar we hemişe üýtgeýär. Ol daşky gurşawdaky üýtgeşmelere täsirlenip, her gezek dürlüçe ýaňlanýar. Döredijileriň aýtmagyna görä, bu ýönekeý bir aýdym bolman, eýsem awtor we diňleýji bilen bilelikde hereket edýän janly prosesdir. Taslama tehnologiýalaryň adamlaryň ornuny çalyşman, olara nähili kömek edip bilýändigini görkezýär. ILĀ ulgamy studiýadaky gural – sintezator ýa-da effekt hökmünde ulandy. Bu işe aýdym-sazda EA gözlegi bilen meşgullanýan kompozitor Eduardo Rek Miranda gatnaşdy. Ol platformany hem sazandalar, hem işläp düzüjiler üçin düşnükli etmäge kömek etdi.