Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär. «The Line» taslamasynyň uzynlygy 170 kilometr, beýikligi bolsa 500 metr bolar. Bu gurluşyk «ýatan gökdirän» ady bilen meşhurdyr. Ol Sues kanalynyň golaýynda ýerleşer. Dokuz million ilatly megapolisi zerur serişdeler bilen üpjün etmek örän uly we çylşyrymly mesele bolar. Bilermenleriň pikirine görä, şeýle ägirt uly bina ýeliň ugruny üýtgedip, aşa gyzgyn zolaklaryň emele gelmegine sebäp bolup biler. Mundan öňem şuňa meňzeş binalar aýnaly diwarlary sebäpli, Günüň şöhlelerini serpikdirip, duralgadaky ulaglaryň «eremegine» sebäp bolupdy. Ekologlar bu ýagdaýyň sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsine ýaramaz täsir ýetirjekdigini duýdurýarlar. Çöllük ýerlerdäki guşlar we haýwanlar zyýan çekip biler ýa-da doly ýitip biler, bu bolsa ýerli ekoulgamyň bozulmagyna getirer. «The Line» taslamasynyň 2,5 km uzynlykdaky we 500 m beýiklikdäki ilkinji tapgyrynyň 2030-njy ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Bu ýerde 300 müň adam ýaşap biler. Patyşalyk ykdysady girdejiniň alternatiw çeşmesi hökmünde syýahatçylygy ösdürmäge uly üns berýär. Neom-dan başga-da, ýurtda beýikligi 1 kilometre deň bolan JEC Tower gökdiräniniň hem-de 20 sany gökdiräni öz içine alýan kub görnüşli Mukaab-yň gurluşygy meýilleşdirilýär. «The Line» taslamasynyň gurluşygy eýýämden dünýä boýunça öndürilýän poladyň 20%-ine golaýyny talap edýär. Şeýle-de bu taslama üçin, sebitdäki iň uly beton zawody gurulýar. Bu zawod «ýaşyl energetikadan» daşda, iň köp energiýa talap edýän desgalaryň biri bolar.