Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli “Ýandeks” we Russiýanyň Milli elektron kitaphanasy (MEK) 1941-1945-nji ýyllaryň gazet arhiwlerini gözlemek we sanlaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdi. Ýygyndy merkezi, sebitleýin, front we partizan neşirlerinden 200 müňden gowrak sahypany öz içine aldy. Olaryň arasynda “Prawda”, “Krasnaýa zwezda”, “Krasnyý flot”, “Leningradskiý partizan” we beýlekiler bar. Köp materiallar ozal sanly görnüşde elýeterli däldi. Taslama uruş ýyllarynyň wakalaryny hem-de adamlaryň gündelik durmuşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjylar garyndaşlary ýa-da ildeşleri barada maglumat gözläp biler. Gazetler bu taryhy döwrüň iň möhüm pursatlaryny şöhlelendirýär. Bu başlangyja N.A.Nekrasow adyndaky Merkezi ylmy kitaphana hem-de Irkutskdaky, Çelýabinskdäki, Kirowdaky, Arhangelskdäki, Orenburgdaky we beýleki şäherlerdäki kitaphanalar goşuldy. Sanly materiallar açyk görnüşde ýerleşdirilýär.