Toyota Ýaponiýada Corolla awtomobilleriniň täzelenen hataryny hödürledi we ýurtda satylýan ähli modelleriň indi diňe gibrid boljakdygyny habar berdi. Bu awtomobilleriň hem benzin, hem elektrik hereketlendirijisini ulanjakdygyny aňladýar. Gibrid ulgamy 72 kWt kuwwatly 1,8 litrlik benzin hereketlendirijisine eýe boldy. Öňdäki herekete getirijili wersiýada 70 kWt kuwwatly elektrik hereketlendirijisi bar. Doly herekete getirijili wersiýada bolsa yzky okda 30 kWt kuwwatly goşmaça elektrik hereketlendirijisi oturdyldy. Ähli modeller indi ýazgy funksiýasy bilen öňdäki we yzky wideo registratorlaryna hem-de sanly açar goldawyna eýe boldy. Bularyň ählisi awtomobiliň adaty enjam üpjünçiligine girýär. Şeýle-de, sürüjä kömek ulgamlary, şol sanda “kör zolaga” gözegçilik, awtomobilden çykylanda duýduryş we awtoduralga kömekçisi goşuldy. G wersiýada (sedan we uniwersal) awtomobiller dumana garşy yşyk diodly faralara we 16 dýuýmlyk alýumin disklere eýe boldy. Esasy wersiýa X 15 dýuýmlyk polat diskleri bilen enjamlaşdyryldy. Modelleriň ählisiniň öňünde we yzynda yşyk diodly çyralar bar. Esasy model Corolla Hybrid X-iň bahasy 15 700 dollardan başlaýar. Iň ýokary wersiýa Corolla Sport E-Four Special Edition Touring Car-yň bahasy 23 600 dollara barabar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir